Sanly ykdysadyýet

29 Aprel 2021
264

Hormatly Prezidentimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirip başlady. Gahryman Arkadagymyz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip bellemek bilen, türkmen ylmyny ösdürmäge, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge uly üns berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ylmy edaralary, ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen ylmy işleri utgaşykly alyp barmak maksady bilen Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döredildi. Munuň özi agzalan ugurlardaky işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi hem ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini ösdürmäge, milli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, adam maýasyny we «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanyň tehnologiýa we ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Bu merkezde ylmy önümi işläp taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek, dürli pudaklara ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça barlaglary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Araphan ERNIÝAZOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.