Halk bähbidi — ýurduň ýörelgesi

22 Aprel 2021
79

Ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygy kämilleşdirmek hem Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň paýhasyna, tejribesine ýugrulan milli ýörelgelerimize hem däp-dessurlarymyza esaslanyp durmuşa geçirýän parasatly içeri we daşary syýasaty Türkmenistany dünýäniň iň bir uly depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna goşdy. Milli Liderimiziň ähli babatda halkyň bähbidini nazarlap durmuşa geçirýän özgertmeleri biziň asuda, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýär. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan oňyn özgertmeler barha kämilleşýän jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerini, agzybirligimizi, jebisligimizi berkitmegiň ýolundaky möhüm ädimdir. Şol ädimleriň şowlulyklara beslenmegi netijesinde bu günki gün ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşy — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty döredildi. Iki palataly kanun çykaryjy edara Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat eder.

Pirmuhammet EKÄÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.