Aşgabat — dünýäniň kino sungatynda

22 Aprel 2021
148

25-nji maýda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanyljak merjen şäherimiz Aşgabat dürli ýyllarda dünýäniň kino sungatynyň taryhyna giren çeper filmleriň surata düşürilen ýeri hökmünde hem bellidir. Öz döwründe şol filmler dünýäniň ençeme döwletlerinde görkezilip, many-mazmuny we çeperçilik taýdan kämilligi bilen kino muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olaryň birnäçesi daşary ýurtlarda geçirilen halkara kinofestiwallarynda dürli baýraklara mynasyp boldy. Biz gazetimiziň şu sanynda Aşgabat şäherinde surata düşürilen şol filmleriň käbiri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

«Älemgoşar». 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Ukrainanyň tanymal kino ussatlary Aşgabada gelýärler. 1943-nji ýylda belli ukrain kinorežissýory Mark Donskoý «Älemgoşar» atly çeper filmi surata düşürýär. Wanda Wasilewskaýanyň edebi esasyny ýazan eseri boýunça surata düşürilen bu filmde uruş döwründe sada ukrain zenanynyň nemes basybalyjylaryna garşy alyp baran partizançylyk hereketleri şöhlelendirilýär. 1944-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda filmiň ilkinji görkezilişi bolýar. Şol ýylda bu filmi surata düşüren kinorežissýor M.Donskoý, operator B.S.Monastyrskiý, baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyran artistler O.Kostýuk, N.Alymowa, Ý.Týapkina daga döwlet sylagy gowşurylýar. 1944-nji ýylda film ABŞ-nyň kino tankytçylarynyň birleşmesiniň hem-de «Daily News» gazetiniň, ABŞ-nyň milli kino synçylarynyň geňeşiniň «Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda daşary ýurt dilinde görkezilen iň oňat film» diýen ugry boýunça baş baýraklara mynasyp bolýar.

Ýörite habarçymyz.