«Ak säherde seni söýen oglan men»

22 Aprel 2021
127

Şahyr Ilmet Gurbanow 1967-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dogulýar. Obalaryndaky orta mekdebi gutaryp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. 1991-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlap, dogduk obasynda zähmet ýoluna başlaýar.

Çagalygyndan şygryýete imrigen Ilmet Gurbanowyň ilkinji goşgulary heniz mekdep okuwçysy döwründe metbugatda peýda bolýar. Çeper söze gadyr goýýan poeziýa muşdaklarynyň arasynda derrew tanymallyga ýetişýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 2002-nji ýylda çap edildi.