Goňurja (Hekaýa)

22 Aprel 2021
89

Çagalyk, oglanlyk döwürlerim, okuwdan boş wagtlarymyň köp bölegi kakamyň ýanynda — çopan goşunda geçipdi. Ýylyň islendik döwründe-de türkmen sährasynyň özüne ýetesi gyzygy bar. Meniň üçin-ä kakamyň ýanynda bolmagyň iň gyzykly ýeri alabaý itler bilen geçirýän pursatlarymdy. Ýüzüňe bakanda içiňdäki ahwalaty aňýan alabaýlaryň mähremligi meni özüne çekipdi...

Goşumyzda üç it bardy. Olaryň hersiniň özboluşly häsiýetiniň hem bardygyna men kem-kem öwrenişdim. Olaryň arasynda, esasanam, Goňurja bilen ysnyşypdym. Ýöne soňky günlerde Goňurjanyň özüni sus alyp barşy meni pikirlenmäge mejbur edýärdi. Bir günem muny kakama-da duýdurdym.

Hudaýberen ABRAÝEW.