Türkmeniň buýsanjy

22 Aprel 2021
82

Arkadagly eýýamymyzda merdana pederlerimiziň tutanýerli zähmeti, kämil tejribeleri bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ynsan gylykly bedewlerimiziň şöhraty jahana täze öwüşginler bilen doldy.

Atçylyk pudagynyň işini ylmy esasda döwrebaplaşdyrmak, atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli maliýe serişdeleri goýberilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Maksat ÖWEZMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.