Asly asylly alabaý — oguz-türkmen kowumlarynyň dünýä beren baky mirasy

22 Aprel 2021
76

Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel Aşgabadyň şanly 140 ýyllyk toýunyň giň gerimde toýlanylýan ýylynyň 9-njy aprelinde geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň özeniniň şan-şöhratly geçmişimiz, nesilbaşymyz Oguz hanyň kowumlarynyň kemala geliş taryhy, milletimiziň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklary bilen berk baglydygyna ünsi çekip, onuň bilen bagly meseleleri hemmetaraplaýyn ylmy esasda içgin öwrenmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi we onuň her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmegi watandaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny pürepürledi.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, Halkara «türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy.