Aziýanyň merjeni

22 Aprel 2021
78

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, türkmen gurluşygynyň derejesi çalt depginlerde ösýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy ähli ugurlar bilen bir hatarda, paýtagt şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini düýpli özgertmäge giň şertleri döretdi. Milletiň ruhy dünýäsini, medeni gymmatlyklaryny, döredijilik ukyplaryny we ýurduň ýeten sepgitlerini görkezýän paýtagt şäherler aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolýar. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan şäheri hem-de özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň, işewür duşuşyklary geçirmegiň amatly merkezi hökmünde ykrar edilýär. Döwrebaplygyň hem milliligiň özboluşly sazlaşygyny özünde jemleýän paýtagtyň iri desgalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarynda öňde goýan wezipelerini, maksatlaryny durmuşa ornaşdyrýan ýurduň keşbini emele getirýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň paýtagtynyň binagärlik — şähergurluşyk keşbini has-da ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 28-nji ýanwarynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek bilen bagly degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, «Ak şäherim Aşgabat» monumentinde gözel paýtagtymyza bagyşlanan toý dabarasy geçiriler. Bu şanly baýramyň dabarasy paýtagtymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýar.

Meňli DIWANOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.