Hyzmatdaşlygyň we ösüşiň binýady

22 Aprel 2021
83

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara gatnaşyklarynyň gerimini dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürýär. Ykdysady, syýasy-diplomatik, hukuk, medeni-ynsanperwer we beýleki wajyp ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Watanymyzyň dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen gatnaşyklarynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty Türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar.

Bütindünýä jemgyýetçiliginiň ösüşiniň wajyp wezipeleri hökmünde parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ösüş, ulag, energetika we ekologiýa howpsuzlygy boýunça Garaşsyz döwletimiziň başlangyçlary esasynda we onlarça döwletleriň awtordaş bolmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllarda Kararnamalaryň ençemesini kabul etmegi hemişelik Bitaraplygyň diňe bir hukuk ýagdaýy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, berkarar döwletimiziň ählumumy ösüşiň hatyrasyna oňyn hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik maksatlaryny durmuşa geçirmegiň netijeli ýoludygyna şaýatlyk edýär.

Osman HEMZÄÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.