Iň gymmatly miras

22 Aprel 2021
80

Mähriban kyblamyň her bir işiň netijeli ugry babatdaky anyk pikirlerini ýygy-ýygydan ýatlaýaryn. Ilhalar adamlaryň tükeniksiz uly durmuş tejribesi jemgyýetiň ösüşiniň dürli ugurlarynda bize hemişe ýardam edýär.

Kakam özi hakynda gürrüň berip, şony hem ýaşlara nusga edýän adamlardan däl. Ol hemişe kiçigöwünlilik, saýhallylyk bilen dostlaşmagy başarýar. Şeýdibem seniň dünýäňe aralaşýar, ykbalyňda orun eýeleýär. Sypaýylyk bilen adamlara haýsydyr bir zady düşündirip, olaryň özüniň dogry pikirlenmegi üçin ýagdaý döretmegiň ugruny tapýar. Kakamyň şu häsiýetleri ata kesbine, gönüden-göni ýaşlar bilen işleşmeli bolan mugallymçylyga oglanlykdan uly hormat goýandygynyň netijesi diýip pikir edýärin. «Döwlet guşy» romanymy okan adamlar onuň durmuş pursatlary bilen has ýakyndan hem tanyşdyrlar. Ýöne men özümiň gören, synlan zatlarymyň esasynda netije çykarýaryn. Şeýle adamlar hemişe özüni il-halkynyň öňünde borçly duýup, pikirlenip, döwletli çözgüt gözläp gezýärler. Bir özüniň, öý-ojagynyň asudalygy şol adamlara ýeterlik bolmaýar. Olar ili hakynda, hatda, döwletiň daşyndakylar hakynda hem pikir edýärler. Adamlara ýagşylyk etmek, il-halkyny begendirmek hakynda oýlanýarlar.