Söz sözleýär adyl Prezidentimiz (Oda)

22 Aprel 2021
65

Çuň ýürekden çykyp, barýar ýürege,
Söz sözleýär adyl Prezidentimiz.
Her jümlesi eýlenendir kereme,
Söz sözleýär adyl Prezidentimiz.

Halky üçin dörän, halkynyň Ogly,
Kalbynda ylham-joş, ýürekde dogmy,
Alnymyzdan, göýä, ak Gün deý dogdy,
Söz sözleýär adyl Prezidentimiz.

Mäm­met­gur­ban MÄM­MET­GUR­BA­NOW,
«Adalat».