Türkmeniň milli buýsanjy

22 Aprel 2021
84

Halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan bedew aty bagtyýar zamanamyzy has-da görke getirýär. Çünki Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdan türkmen dal bedewini uçar ganatyna deňeýär. Wepaly ýoldaşy hem ýakyn syrdaşy hökmünde görýär.

Türkmen diýseň at bar, at diýseň türkmen,
Bedew bilen bagly türkmeniň asly.
Her demi doludyr gaýratdan, görkden,
Bedew bilen bagly türkmeniň asly.

Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.