Pitiwa

22 Aprel 2021
87

Bu söz, aslynda, «fätwä» diýen arap sözi bolup, «pitiwa» görnüşinde türkmen diline aralaşypdyr. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» bu söze «Pitiwa etmezlik» — biriniň haýsydyr bir hereketine, işine göwni ýetmän, oňa ähmiýet bermezlik» diýip, düşündiriş berlipdir.

Diýmek, pitiwa etmek-de biriniň işine ähmiýet bermekdir. Ol bir işe rugsat bermek, bir işi tassyk etmek manysyna hem eýedir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
mirasgär.