«Saňa at diýmerin, gardaş diýerin»

22 Aprel 2021
88

«Bedew münen myradyna ýeter» diýýän halkymyz gamyşgulak atlary gözelligiň, wepalylygyň nusgasy saýýar. Hut şonuň üçinem bu günki gün ahalteke bedewlerimiz döwrümiziň, bagtyýar zamanamyzyň ganaty hökmünde häsiýetlendirilýär. Muny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tugrasynda bedew atyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi bilen hem delillendirip bolar. Munuň özi ýelden ýüwrük bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydygyny, asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydygynyň subutnamasydyr. Ata-babalarymyzyň «Ata yhlas edeniň ýedi arkasy ýalkanar» diýen jümlesi bagtyýar zamanamyzda öz beýanyny tapýar.

Gadymy dessanlarda, ýazgylarda waspy ýetirilen dal bedewler türkmen tebigatynyň dünýä beren peşgeşi. Şol peşgeş bolsa ajaýyplyga, görlüp-eşidilmedik sungat derejesine ýetip, bu gün jahana aýlanýar, görenleri haýrana goýýar.

Miwegül RESULBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň medeni aň-bilim bölüminiň esasy hünärmeni.