Ruhubelentligiň hem jebisligiň baýramy

8 Aprel 2021
37

7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Şol gün irden hormatly Prezidentimiziň özüniň hem gatnaşmagynda bu çärä bagyşlanyp welosipedli ýöriş geçirildi. Ýurdumyzda ynsan saglygyna berilýän aýratyn üns-alada netijesinde bu şanly sene aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Çünki halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygy. «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy mesele halkyň saglygyny goramakdan ybaratdyr. Saglygy goramak hem berkitmek Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň illeri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şol gün irden Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde jem bolan welosipedli ýörişe gatnaşyjylara sagdyn durmuş ýörelgesini öz göreldesi bilen jemgyýetimize ornaşdyrýan milli Liderimiziň bu ajaýyp baýramyň dostlugyň, parahatçylygyň we sportuň belent däplerini dabaralandyrýandygy, şeýle-de onuň jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýandygy hakynda aýdanlary hemmeleri ruhlandyrdy. «Saglyk — her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir» diýen pähimden görnüşi ýaly, her bir adamyň ýaşaýyş-durmuşynyň mäkämligi onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek diýseň wajypdyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňe gidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini alamatlandyrýar. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup, her bir adama başardýandyr. Gyzykly we sagdyn durmuşda ýaşamaga bolan ymtylyş, öňe hereket etmek, täze sepgitlere ýetmäge bolan höwes — bularyň bary sagdyn durmuş ýörelgesiniň baş maksadydyr.

«Edebiýat we sungat».