Bank hyzmatlarynyň giň mümkinçilikleri

31 Mart 2021
175

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirilýär, ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bank ulgamynda ilat üçin ýokary amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy raýatlar üçin bähbitlidir. Çünki nagt däl hasaplaşyklar raýatlaryň pulunyň goraglylygyny, wagtynyň tygşytlanmagyny üpjün edip, ýeňillikli töleg geçirimlerini, karz almak we goýum goýmak bilen baglanyşykly amatly şertleri döredýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda satyn alnan harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde geçirmek giň gerime eýe boldy. Karz edaralary tarapyndan hasaplaşyk töleglerini amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Muňa mysal edip gaz, elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak ýaly durmuş hyzmatlary, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy üçin tölegleri, awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, orta we ýokary okuw mekdepleriniň tölegini tölemek ýaly tölegleri görkezmek bolar. Raýatlarymyza «Internet-bank», «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin töleg tölemek, demir ýol we howa ýollary gatnawlary boýunça ýol peteklerini satyn almak, bir kartdan beýleki karta pul geçirimlerini amala aşyrmak, kart hasabyndaky hereketi görmek ýaly hyzmatlar hödürlenen. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilikler döredilen. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirip, döwrümiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýär.

Maýsa AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz şäher şahamçasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.