Hususylaşdyrmak — bazar gatnaşyklarynda baş ugur

10 Mart 2021
443

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň wajyp ugry döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barlan işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli (2021-nji ýylyň 2 aýyny goşmak bilen) döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 557-ä, maýa goýum bäsleşiginde, gazna biržasynda, kärendeçisine we salgyly satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 155-e, bäsleşikli söwdada (auksion) satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 402-ä ýetdi.

Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Telekeçileriň bähbitlerini goraýan kanunlar kabul edilýär, bu ugry saýlap alan raýatlara ýeňillikli bank karzlary yzygiderli berilýär. Dürli maksatly desgalaryň gurulmagy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy hem döredildi. Ýuridik şahs hökmünde döredilen bu gazna öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-da hukuk berildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri üçin giň mümkinçilikleri açdy. Indi telekeçilerimiziň önümleri diňe bir özümizde däl, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň bazarlarynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini çekmek, işjeň işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, daşary ýurtlarda türkmen telekeçileriniň wekilhanalary, söwda we modalar öýleri açyldy.

Tirkeşmyrat KÜRRÄÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.