Enä tagzym — mukaddeslige tagzym

8 Mart 2021
112

Edebiýat sapagyndan düzme ýazmaly bolanymyzda, muny biz, ilki bilen, ejem janyň okamagyny isleýärdik. Onuň sesini çykarman dymyp okamagy bolsa biziň «bäşligimizdi». Häzir ene hakdaky şol düzmämiň mazmunyndan ýadyma düşýäni: «Ejem jan asman ýyldyzy, ýyldyzsyz gijeler bolmaýar. Ejem jan baharyň mylaýymlygy, ony döredýän bolsa asmanyň güneşi. Güneşsiz gündiz bolmaýar, güller hem açylmaýar. Ejem jan! Sen meniň üçin ähli zat, muny beýan etmäge men başga söz tapyp bilmeýärin». Şonda men mugallymyň nähili bahasyna mynasyp bolandygyma üns hem bermändirin. Ýöne esasy zat, ejem jan maňa hiç zat diýmedigem bolsa, ony şonda begendirendirin diýip umyt edýärin.

* * *

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan.