Birža täzelikleri

8 Mart 2021
82

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn aldylar, Binýatlyk ýag BAE-niň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň işewürleriniň söwdalaşyklarynyň esasyny düzdi.

(TDH).