Maksat — saýlawlary guramaçylykly geçirmek

8 Mart 2021
41

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlygyň çäginde okuw maslahaty geçirildi. Milli synçylar bilen geçirilen okuw maslahatyny welaýat saýlaw topary gurady.

Okuw maslahatynda welaýat saýlaw toparynyň başlygy Amanýaz Orazmyradow çykyş edip, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ähmiýeti, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň degişli kanunçylyga laýyklykda geçmeginde milli synçylaryň orny dogrusynda aýdyp, öňde duran wezipelere ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen birlikde, saýlaw ulgamynyň hem işiniň has-da kämilleşdirilmegine, saýlawlaryň guramaçylykly, milli kanunçylygymyza we halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegine aýratyn üns gönükdirýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça häzirki günlerde edilýän tagallalar hem bu ugurda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Ahal welaýat saýlaw toparynyň kätibi.