Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam merkeziniň işi bilen tanyşdy

24 Fewral 2021
970

Aşgabat, 23-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sanly aragatnaşyk pudagynyň öňünde milli Liderimiziň goýan wezipelerini doly ýerine ýetirmek ugrunda maksadalaýyk işler amala aşyrylýar. Munuň özi şol bir wagtda ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýan sanly ulgamyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge hem gönükdirilendir.