Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

13 Fewral 2021
1401

Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ir bilen “Oguz han” köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.