Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda

11 Fewral 2021
412

Hormatly Prezidentimiz 6-njy fewralda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan bu ulgamyň ösüş depginini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere baha berip, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri hem kesgitledi. Milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçýändigini nazara alyp, inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, degişli ugurlar boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara IT kompaniýalarynyň taslamalaryna işjeň gatnaşmak bilen bagly meseleler bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe sürüldi. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, olary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmekde, okuw işine innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlarynyň öňdebaryjy usullarynyň bilim işinde yzygiderli peýdalanylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegini, ýaş alymlaryň sanynyň artmagyny kepillendirýär.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly tabşyryklaryna laýyklykda, ylmyň hem bilimiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak, talyplardyr aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmek bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş alymlar merkezleriniň, elektron kitaphanalaryň, döwrebap tejribehanalaryň alyp barýan işleri netijesinde, talyplar nazaryýetde alan bilimlerini taslamalary işläp düzmek arkaly berkidýärler.

Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.