Türkmen sportunyň üstünligi — ýurdumyzyň abraýy

20 Ýanwar 2021
140

Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugra gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, şeýle hem dünýä halklarynyň we döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak babatda oňyn başlangyçlar öňe sürülýär.

Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan welaýatymyzda hem sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Welaýatyň türgenleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli ýaryşlara, Aziýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, Diýarymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar.

Döwran PAKGYÝEW,
welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.