Diýarym

20 Ýanwar 2021
89

Bagt gülüp bakan eziz Diýara,
Ýagyşy-ýagmyry nur bolup geler.
Çar ýany bezenmiş güle, gülzara,
Ähli pasyl göýä ýaz bolup geler.

Seleň sähralary, ajap ýaýlasy,
Çölüniň bezegi iner, maýasy,
Aýrakly, jerenli daglaň gaýasy,
Güneş nurun saçyp, çog bolup geler.

Çerkez ESENOW.