Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

20 Ýanwar 2021
152

Kämil tehnologiýalaryň eýýamy

Garaşsyz döwletimiz milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly bolan üstümizdäki ýylda-da ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Bu ýol milli ykdysadyýetimize, beýleki ulgamlara kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiki kuwwatlyklaryň giň ornaşdyrylýan üstünlikleriň ýoludyr. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösüşi giň gerime eýe bolup, ähli ugurlaryň sanlylaşdyrylmagynda aýgytly ädimleriň badynyň artýandygyny bellemelidiris.