Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

19 Ýanwar 2021
1684

Aşgabat, 18-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.

Dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň hem-de Türkmenistanyň we Fransiýanyň uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýändiginiň aýdyň görkezijisidir.