Iň uly baýlyk — baş saglyk

13 Ýanwar 2021
905

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen döwlet derejesinde degişli çäreler geçirilýär. Alnyp barylýan bu işler her birimiziň saglygymyza has ünsli çemeleşip, ony gorap saklamaga borçlandyrýar. Kähalatda saglygymyza biperwaý garamagymyz, adaty arassaçylygyň ýönekeý düzgünleriniň berjaý edilmezligi dürli keselleriň, ýiti iýmit zäherlenmesiniň ýüze çykmasynyň we gaýra üzülmesiniň esasy sebäbi bolup bilýär. Hut şonuň üçin, azyklyk çig mallaryň saýlanyşyna, taýýarlanyşyna we saçaga äberilişine, iýmit önümleriniň, dürli tagamlaryň utgaşdyrylyşyna ünsi güýçlendirip, berjaý edilmeli düzgünleri talabalaýyk ýerine ýetirmeli.

Her bir maşgalada nahar taýýarlamak işi azyklyk çig maly satyn almakdan başlanýar. Şonuň üçin hem bu önümleri diňe azyk söwdasynyň satuwy rugsat berlen söwda nokatlaryndan — bazarlardan we azyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan dükanlardan almaly. Azyk önümleriniň söwdasy edilende, onuň belgileniş nyşanynda görkezilýän maglumatlara, ýagny hökmany suratda ýaramlylyk möhletine, saklanyş şertlerine, düzümine, daşky görnüşine, önümiň ysyna, reňkine we beýleki ýagdaýlaryna üns bermeli. Azyk önümleri satyn alnanda, çalt zaýalanýanlaryny, ýagny süýt, et we şöhlat, konditer, balyk we deňiz önümlerini, ýumurtgany diňe zerur mukdarda almaga endik edinmeli, ylaýta-da, howanyň yssy wagtlary bu endigi berk berjaý etmek hökmandyr.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.