Türkmenistan parahatçylyk, hoşniýetlilik, döredijilik ýörelgelerini öňe sürýär

11 Ýanwar 2021
1161

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen başlanan täze, 2021-nji ýylyň ilkinji iş hepdesi tamamlandy. Geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşynyň üpjün edilmegini baş maksat hökmünde kesgitlän we yzygiderli hem-de maksada okgunly amala aşyrýan durmuş ugurly ykdysady we demokratik özgertmeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny äşgär etdi.

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

(TDH).