Parahatçylyk we ynanyşmak: binýatlyk gymmatlyklar we toparlaýyn jogapkärçilik

6 Ýanwar 2021
1881

Mälim bolşy ýaly, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak Birleşen Milletler Guramasynyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi BMG-niň parahatçylyk gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça ählumumy çäreleriniň özboluşly dowamy bolup durýar. Munuň özi jemgyýetçilik aňynda milletiň parahat ýaşamagy, halkara gatnaşyklarda emele gelýän meseleleriň oňyn çözgüdiniň zerurlygy we anyk parahatçylyk dörediji hereketleriň maksatnamasynyň amala aşyrylmagy ýaly işlerde amal bolýar.

Bu ýörelgeler we başlangyçlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy.

(TDH).