Melhemler mekany

4 Ýanwar 2021
823

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzy ösdürmegiň in zerur ugurlarynyň biri hökmünde ýurtda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, onuň maddy binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmaga, bu ugurda degişli hünärmenleriň taýýarlygyny dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen saglyk syýasatyny aýratyn uly orunda goýýar.

Döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygyny gorap saklamak ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýa-da «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen halk pähimlerine eýerýär we bu parasatly pähimleriň hakyky mazmunyny iş ýüzünde amal edýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ulanmaga berlen hem-de gurulýan lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryna laýyk gelýän, dünýäniň iň kämil, iň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan keselleri anyklaýyş merkezleri, Saglyk öýleri, şypahanalar, bedenterbiýe we sagaldyş merkezleri, suw çüwdürimleri, stadionlar, sport toplumlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy aňryýany bilen subut edýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny berkitmekde tebigy serişdeleri giňden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Ilki bilen bu ugurda Gahryman Prezidentimiziň köp ýyllyk ylmy gözlegleriniň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserini agzamak ýerliklidir.

Sergeý AWDEÝEW,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Kelle we boýun çiş keselleri bölüminiň uly ylmy işgäri.