Sport syýasatynyň gadamlary

4 Ýanwar 2021
797

Aýdyň ýol

Bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllarynda Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Gahryman Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleridir sport desgalary ýaşlaryň gelim- -gidimli ýerine öwrüldi. Indi şol sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň uly topary sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.