Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de geljek ýyl üçin wezipeler

2 Ýanwar 2021
4128

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.

Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

(TDH).