Milli oýunlarymyzyň halkara gadamy

2 Ýanwar 2021
825

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda milli sport oýunlaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden milli sport oýunlarymyz bilen bagly wekiller gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň başlygy Şöhratguly Myratgulyýew milli oýunlaryň halkara derejede ýeten sepgitleri barada çykyş etdi. Hususan-da, geçen 2020-nji ýylyň başynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň III halkara maslahatyna gatnaşyjy hökmünde Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlaryna türkmen milli oýunlarynyň hem birnäçesini girizmek bilen bagly meselä seredilendigini ýatlatdy. Bu mesele boýunça gutarnykly karar 2021-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek IV halkara maslahatda kabul ediler. Ýöne meşhurlygy ýyl-ýyldan artýan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlarynda sadranç, takylatdy, peçiz, düzzüm we bäşdaş ýaly milli oýunlarymyzy görüp bileris.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».