Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine mundan beýläk-de ähli tagallalary eder

30 Dekabr 2020
1635

Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Aşgabat, 29-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.