Sanly ulgam — ösüşlere badalga

28 Dekabr 2020
292

Häzirki döwürde ata Watanymyz Türkmenistanda ykdysady ösüşiň belent sepgitlerine ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary döwrebaplaşdyrylýar we kuwwatly senagat ulgamy kemala getirilýär. Ykdysady taýdan ösen döwletimizde giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän häzirki şertlerinde halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaklyga strategik ugur hökmünde garalýar. Munuň milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmaga we ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmeklik işi çalt depginler bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly reforma özgertmeleri toplumlaýyn we maksatnamalaýyn esasda üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgama geçmek we sanlylaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Bu ýokary ähmiýete eýe bolan Konsepsiýa laýyklykda Diýarymyzda ykdysady ulgamda sanly özgertmeler giň gerimde durmuşa geçirilýär we ähli halk hojalyk pudaklary sanlylaşdyrylýar.

Bahar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.