Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň tebigatynyň gözelligi — tükeniksiz baýlyk

28 Dekabr 2020
5369

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.

Halk arasynda «kyrkçille» diýlip atlandyrylýan gyş paslynyň dowam edýän günlerinde sowuk howa bilen ýagyn utgaşykly gelýär. Topraga düşen galyň gar geljek ýylda däneden bol hasyl alynjakdygyny aýdyň edýär. Tejribeli daýhanlaryň belleýişleri ýaly, gyşda ýagan gar toprak üçin möhüm bolup durýar. Diýmek, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyna garaşybermeli.

(TDH).