Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti

25 Dekabr 2020
282

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu ösüş ylym-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň geriminiň giňelmegi bilen kesgitlenilip, her bir ulgamyň işine ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen tapawutlanýar.

Döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, şeýle hem jemagat, şahsy we durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi ykdysadyýetiň sanly ulgama geçilmeginiň binýatlyk esasy bolup çykyş edýär. Ykdysady ösüşiň sanlylaşdyrmak ýoluny saýlap alan Türkmenistan bu ugurda öňde duran wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmakda uly mümkinçiliklere eýedir.

Babamyrat TAGANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.