Innowasion özgeriş — döwrüň talaby

22 Dekabr 2020
452

Bilim edaralarynda okuwlaryň sanly bilim esasynda guralmagy bilimiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyna, ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň kämilligine oňyn täsir edýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklary we beýleki ulgamlary üçin bilim we amaly taýdan kämil, medeniýetli hünärmenleri taýýarlamaga, şahsyýetiň bilimini çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamaga, goramaga hem-de baýlaşdyrmaga ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy we bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işiniň yzygiderli dowam etdirilmegi berilýän bilimiň döwrebap bolmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ylma hem döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesliniň kemala gelendigini belläp, täze bilim ulgamyny ösdürmek, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemek wezipelerine ünsi çekdi. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugurda degişli Maksatnamany taýýarlamak wezipelerini öňde goýdy. Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri çözmekde innowasion senagatlaşmak ýörelgeleri ileri tutulýar. Bu ösüş ýoly döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar.

Aýsoltan ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.