Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji synp okuw­çy­la­ry­na Tä­ze ýyl my­na­sy­bet­li komp­ýu­ter­ler gow­şu­ryl­dy

22 Dekabr 2020
326

AŞ­GA­BAT, 21-nji de­kabr (TDH). Şu gün paý­tag­ty­my­zyň or­ta umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan bi­rin­ji synp okuw­çy­la­ryna Tä­ze ýyl sow­ga­dy hök­mün­de komp­ýu­ter­le­ri gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di.

Nout­buk­la­ra ýük­le­nen prog­ram­ma dür­li öw­re­diş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär hem-de türk­men, rus we iň­lis dil­le­rin­dä­ki üç gör­nü­şi özün­de jem­le­ýär. Mun­dan baş­ga-da, tä­ze komp­ýu­ter­ler ola­ryň eýe­le­ri­niň ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp ön­dü­ril­di we luk­man­çy­lyk ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­ýär.