Sahawat şuglasy

18 Iýun 2024
222

Balkan welaýatynyň bagtyýar ilaty hem Gurban baýramyny uly şatlyk, ruhubelentlik bilen belleýär. Baýramyň ilkinji gününde sebit merkezindäki baş metjitde hem-de Hazar şäherçesindäki “Hazar” metjidinde baýram namazy okalyp, Watanymyzyň gülläp ösmegi, bu mukaddes baýramyň sahawata beslenmegi barada ýagşy dilegler edildi. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki bezelen meýdançada geçirilen dabaranyň şowhuny alyslara ýaň saldy. Baýramçylyk çäresi dabaraly toý ýörişi bilen başlandy. Döredijilik toparlary oňa gatnaşyjylary aýdym-sazly çykyşlar bilen mübäreklediler.

Dabaranyň geçýän ýerinde gurlan hiňňildikleriň töwereginde jemlenen adamlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary bagtyýar durmuşyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Welaýatyň çar künjeginden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň şirwan perdelere galyp ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor-tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň sahna çykyşlary bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).