Päk zähmet rysgal-döwletiň çeşmesidir

17 Iýun 2024
151

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

«Nesil».