Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

17 Iýun 2024
267

Täze taryhy döwrümizde jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmäge we adamyň intellektual dünýägaraýşyny ösdürmäge, ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň täze derejä göterilmegi zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda lukmançylyk ylmy hem okgunly ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlary Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Döwrüň talaplaryna kybap gelýän, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gurban KARANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň göz keselleri kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor.
Beýleki habarlar