Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

11 Iýun 2024
429

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 10-njy iýun (TDH). Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Beýleki habarlar