Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energoulgam döredildi

6 Iýun 2024
439

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Daşoguz welaýaty, 5-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.

Beýleki habarlar