Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň mejlisi

30 Noýabr 2020
149

AŞGABAT, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.