Türkmenistan — Germaniýa: saglygy goraýyş ulgamynyň täzeçil usullary ösdürilýär

30 Noýabr 2020
144

AŞGABAT, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan ýurdumyza gelen saglygy goraýyş hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň lukmanlaryna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady bermek dabarasy boldy.

Germaniýanyň lukmançylygynyň bilermenleri hem-de öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň hünärmenleri iň gowy anyklaýyş hem-de bejeriş işini öwrenmek babatda türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak maksady bilen yzygiderli duşuşýarlar. Ýokary tehnologiýaly innowasiýalar babatda gyzyklanma bildirilýän meseleler hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň esasy şertidir.