Ylmy hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

30 Noýabr 2020
138

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň lukmançylygy «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Bu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna Germaniýanyň hünärmenleri hem öz goşantlaryny goşýarlar. Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyz halkara ölçeglere kybap gelýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde nemes nusgasyndan ugur aldy.

Germaniýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar ilkibaşdan uzak möhletleýin esasda ýola goýuldy. Ine, şol hyzmatdaşlygyň çäginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň lukmanlary Aşgabatda iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde ýerli hünärmenlerimiz bilen saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça tejribe alyşdylar.

Ýazga geçiren Aýsenem NURLYÝEWA.
«Türkmenistan».