Halkara sergi köpugurly ösüşleriň aýnasyna öwrüler

30 Noýabr 2020
121

Milli senenamamyzyň iň esasy seneleriniň biri — Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bosagada. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz bu ajaýyp senäni dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belläp geçýär. Milli Liderimiz: «Bu biziň öz baýramymyz, türkmen halkynyň we döwletiniň beýik üstünligidir. Ýöne onuň ägirt uly halkara ähmiýetiniň hem bardygyny bellemek gerek» diýmek bilen, geçen ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek çäreleriň degişli meýilnamasyny tassyklady. Ýylboýy ýörite taýýarlanan meýilnama laýyklykda, milli hem-de halkara derejede giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy, olaryň üsti bilen Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň parahatçylyk döretmek mümkinçiligi hertaraplaýyn açylyp görkezilýär.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 12-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergini geçirmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Bu gözden geçiriliş 1 — 12-nji dekabr aralygynda Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini giňden şöhlelendirmek maksady bilen guralýar. Halkara forumyň iş meýilnamasyna laýyklykda, onuň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça degişli resminamalara hem gol çekiler.

(Ýörite habarçymyz).