Türkmen ýüreginiň ýylysy günüň dogýan ýurduna ýaýylýar

30 Noýabr 2020
117

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon diline terjime edilen nusgasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy barada gazetimizde ozal habar beripdik. Golaýda bolsa bu kitabyň ýapon dilindäki neşiri Günüň dogýan ýurdunda — Ýaponiýanyň Tokio şäherinde tanyşdyryldy. Tanyşdyrylyş dabarasy Ýaponiýanyň Parlamentiniň, Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, ýurduň Liberal-demokratik partiýasynyň, käbir ýapon guramalarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Dörediji Liderimiziň ýakynda neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyna hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy. Onuň gysga wagtyň dowamynda dünýäde giňden ýaýran dilleriň ikisine — hytaý we ýapon dillerine terjime edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan eserlere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu kitabyň ýapon dilindäki nusgasy dostlukly halkyň kitap muşdaklaryny Türkmenistanyň şöhratly taryhy, baý medeniýeti we ruhy gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik berýär. Şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi öz çykyşynda bu gymmatly eseriň türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna dogruçyl baha bermäge, milli we medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ykdysady, ylmy we medeni ösüşine goşan mynasyp goşandyna göz ýetirmäge ýardam edýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda türkmen halkynyň asyrlarboýy kemala getiren ynsanperwerlik, watansöýüjilik, goňşulara hoşmeýilli garamak ýaly ajaýyp ýörelgeleri şöhlelendirilýär. Eseriň awtory pederlerimiziň miras goýan taglymlaryna we öwütlerine sarpa goýmak, parahatçylyk, raýdaşlyk, birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyk saklamak arkaly ählumumy ösüşe goşant goşmaga çagyryş bilen çykyş edýär.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».